Çagalaryň tomus dynç alyş möwsümi mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasyna gezelençleri guraldy. Körpeler merkezi kitaphananyň «Çagalar» bölümçesinde döredilen «Bagtyýar çagalyk», «Bir bar eken, bir ýok eken», «Biz haýsy ertekiden?», «Ertekiler dünýäsinde», «Akyl sandygy» ýaly kitap sergilerinde ýerleşdirilen çagalar edebiýatlary bilen tanyş boldular. «Şadyýan horaz» türkmen halk ertekisi esasynda taýýarlanan edebi görkezilişiň hem-de «Arassa bol!», «Akja dişleriň aýdymy» ýaly wideoroligiň görkezilmegi bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy.
Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň ýanynda hereket edýän çagalar gurjak teatry tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan «Öl agajy döwmegin, degmedige degmegin!», şonuň ýaly-da «Ýagşylyk et, senden ýagşy at galar!», «Jüýjeler», «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Dur, bakaly!» hem-de türkmen halk döredijilik eserleri esasynda taýýarlanan we «Leýeran» ýaly gurjak oýunlarynyň görkezilmegini bagtyýar körpeler el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Tomus paslynda her bir gününi oýun-gülkä, ýatdan çykmajak pursatlara beslemegi endige öwren çagalaryň kitaphana gezelençleri olaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilen ýaňyltmaçlaryň, matallaryň, tapmaçalaryň aýdyşygy, sesli ertekili kitaplaryň diňlenmegi, surat çekmek bilen utgaşyp gitdi.