Köňüllere joşgun berýän baýramçylyk dabaralary
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Köňüllere joşgun berýän baýramçylyk dabaralary

Jemgyýet
06.01.2026  121

Täze ýyly mynasyp garşylamak, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen guralýan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Täze ýyl baýramy welaýatymyzyň merkezini we etraplaryny hem aýdym-sazly dabaralara besläp, bagtyýar raýatlarymyza egsilmez ruhy joşgun bagyşlady.

Belent ruha, şatlyk-şowhuna beslenýän şeýle dabaralar Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäher medeniýet bölümleriniň guramagynda her gün «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada — welaýatyň baş arçasynyň döwresinde hem ýaýbaňlandyrylýar.

Älemgoşar öwüşginlerine baý arça, meýdançanyň dürli baýramçylyk bezegleri şäheriň gözel künjegi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bagtyýar raýatlarymyzda baýramçylyk ruhuny oýarýan, ýakymly duýgulary döredýän gözel görnüşler bu ýerde ýaýbaňlandyrylýan joşgunly aýdym-sazly çykyşlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Şu günler etrap medeniýet merkezleriniň guraýan baýramçylyk dabaralary täsirli, ýatda galyjy pursatlara baý bolýar. Olarda ussat medeniýet we sungat işgärleri, höwesjeň aýdymçylar, tans we folklor toparlary çykyş edýärler. Ýerine ýetirilýän çykyşlarda bagtyýar halkymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsanjy, ata Watanymyza, bereketli topragymyza bolan söýgüsi, ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimize, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza hoşallyk duýgulary, tüýs ýürekden çykýan alkyşlary öz beýanyny tapýar. Etraplaryň çagalar sungat mekdeplerinde bilim alýan ýaş ýerine ýetirijileriň şadyýan çykyşlary dabaralara özboluşly mazmun bagyşlaýar.

Baş arçanyň ýanynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň taýýarlan baýramçylyk dabarasy hem Täze ýyl baýramynyň şatlyk-şowhunyny goşalandyrdy. Ajaýyp döwrümizi, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi. Täze ýyl mynasybetli ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlaryň astynda bagtyýar çagalaryň arçanyň töwereginden aýlanmagy dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Baýramçylygyň bu ajaýyp dessuryna goşulyşýan çagajyklaryň bagtyýarlygy, şadyýan gülki sesleri dabaranyň iň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Şadyýan körpejeleriň baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel ýurdumyzda zehinli ýaş nesliň kemala gelýändigini alamatlandyrdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan şowhunly aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen joşgunly tanslar tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.

Baş arçanyň döwresinde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirýän aýdym-sazly çykyşlarynda, şowhunly tanslarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy joşguny öz beýanyny tapýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýarlyga beslenýän günler
09.08.2025   225
Jemgyýet Belent sarpanyň dabaralanmasy
27.02.2026   89
Jemgyýet Watan goragy ygtybarly gollarda
27.01.2026   111
Jemgyýet Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry
25.03.2026   100
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyr
12.02.2023   436
Jemgyýet Awaza dost-doganlygyň mesgeni
29.08.2025   215
Jemgyýet Dünýä rekordyny täzelän ildeşimiz
04.10.2024   324
image