Tebigatyň gymmatly baýlyklarynyň biri-de kömelekdir. Ol diňe bir tagamly iýmit däl, eýsem, adam saglygy üçin zerur bolan witaminleriň we minerallaryň çeşmesidir. Kömelekleriň düzüminde proteinler köp bolup, olar bedeniň ösmegine, öýjükleriň täzelenmegine ýardam edýär. Kömelekleriň düzüminde B2, B3, B5 we seýrek duş gelýän D witaminleri, minerallardan kaliý, fosfor, demir, selen ýaly gymmatly elementler bar. Kömelekleri yzygiderli iýmitde ulanmak saglyga oňyn täsirini ýetirýär. Düzümindäki antioksidantlar we selen maddasy immun ulgamyny güýçlendirýär, öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alýar, ýaramaz holesteriniň peselmegine ýardam edip, gan basyşyny kadalaşdyrýar, D witamini bolsa kalsiniň bedene siňmegine kömek edýär, süňkleriň berkligini üpjün edýär.
Üç ýaşa çenli çagalara kömelek bermek gadagandyr. Haçan-da çaganyň iýmit siňdiriş ulgamynyň kemala gelmegi tamamlanandan soň, kömelegi doly derejede bermek mümkindir we olara köne ýa-da duzlanan, sirkä ýatyrylan kömelegi iýdirmekden saklanmaly.
Köne ýa-da öte bişen kömelek iýmit siňdirişiň bozulmagyna, şeýle hem içege ýokanç keselleriniň döremegine getirip bilýär. Nädogry arassalanyp, taýýarlanan kömelekde içege kesellerini döredijileriň bolmagy mümkindir. Şonuň üçin kömelegi iýmezden ozal hökmany ýagdaýda gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli.
Zäherleýji maddalar diňe ýylan kömeleklerde däl, eýsem, iýilýän kömelekleriň hem käbir görnüşinde saklanýar. Onsoňam, bu ösümlik toprakdan dürli maddalary sorup almaga ukyply. Şonuň üçin iýilýän kömelekleriň islendigini akyp duran suwuň astynda ýekän-ýekän ýuwmaly. Zäherleýji maddaly şertli iýilýän kömelekleri bir gezek gaýnadyp suwuny dökmeli. Gara ýollaryň, demir ýollaryň gyrasynda biten kömelekleriň hem, edil zäherli kömelekler ýaly saglyga howp salýandygyny ýatda saklamaly.