Kombaýnlar möwsüme taýýar
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Jemgyýet
22.05.2026  32

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümini ýokary taýýarlyk ýagdaýynda garşylaýarlar. Etrap boýunça şu möwsümde 15500 gektar meýdanda bugdaýyň bereketli hasylyny ýitgisiz ýygnamak wezipesi öňde durýar. Kärhanada dürli kysymly galla orýan kombaýnlaryň 31 sanysy bolup, olaryň ählisi irki möhletde doly abatlanylyp, orak möwsümine taýýar edildi. Bu işde kärhananyň tejribeli hünärmenleri Myrat Garryýew, Hemra Sapardurdyýew, Täçmyrat Ataşow, Amangeldi Mäşeripow, Durdymyrat Babaýew dagy aýratyn yhlas bilen zähmet çekdiler.

Kärhanada orak möwsümi üçin ýangyç, çalgy ýaglarynyň ätiýaçlyklary, göçme ussahanalar döredilip, olar zerur enjamlar bilen üpjün edilýär. Kärhananyň işçi-hünärmenleriniň esasy maksady ýetişdirilen galla hasylynyň öz wagtynda ýygnalmagyna goşant goşmakdan ybarat.

Tejribeli bagbanyň yhlasy

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýlan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlarynyň alyp barýan işleri aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde bagbançylyk işini arkama-arka dowam etdirip gelýän bagbanlar näçe diýseň bar. Olaryň hatarynda «Galkynyş» daýhan birleşiginiň bagbany Myrat Söýünowy görkezmek bolar. 70 ýaşy arka atan Myrat aga bir ömür oba hojalyk pudagynda zähmet çekip, baý iş tejribe toplan adamlaryň biri. 1996-njy ýylda onuň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

— Daýhan birleşigimiziň çäginde 1 gektar kärende bag ýerim bar. Onda miweli agaçlaryň ondan gowrak görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärin. Üzüm, erik, alma, garaly, armyt, şetdaly, ülje, beýi, injir, igde ýaly miweli agaçlaryň ir, giç bişýän, sapylan görnüşleri bar. Ýazky bag ekmek möwsüminde bag meýdanymyzy giňeltmek maksady bilen, dürli bag nahallarynyň 500-den gowrak düýbüni ekdik. Ähli ideg işlerinde oglum Parahat, agtyklarym Serdar, Öregeldi ýakyndan ýardam berýärler. Bize şeýle işlemäge, halal zähmetiň hözirini görüp, bagtyýar döwürde ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilen ajaýyp zamanada ýaşaýarys — diýip, tejribeli bagban Myrat Söýünow gürrüň berýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze awtobuslar — ajaýyp toý sowgady
06.06.2024   596
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
05.02.2026   101
Jemgyýet Ösüşiň täze menzillerine tarap
11.10.2025   153
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   323
Jemgyýet Ussat keramikaçy
24.09.2025   141
Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   175
Jemgyýet Täze ösüşlere badalga
14.01.2026   94
Jemgyýet Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka
18.07.2025   231
image