Kombaýnlar möwsüme taýýar
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Kombaýnlar möwsüme taýýar

Ykdysadyýet
21.05.2025  173

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň galla oragy möwsümine Daşoguz welaýatynyň  Akdepe etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleri, kombaýnçylary hem oňat taýýarlyk gördüler. Şonuň netijesinde kärhananyň şol döwürde bugdaý oragyna gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan kombaýnlarynyň 84-siniň ählisi bir hatar gözden geçirilip, olaryň kemçilikleri düzedildi. Bu işde kärhananyň kombaýnlar boýunça hünärmeni Saparmyrat Durdyýew, abatlaýjy ussalary Baýram Ilamanow, Haýyt Jumadurdyýew, Şeripbaý Mätkurbanow, Merdan Jumadurdyýew we beýlekiler gaýratly zähmet çekdiler. Munuň özi galla oragynyň bökdençsiz alnyp barylmagyna ýardam berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ak ýollar — rowan ýollar
06.02.2025   219
Ykdysadyýet Baglar durmuşyň bezegidir
13.05.2025   197
Ykdysadyýet Geň galdyrýan ösümlikler
17.11.2025   125
Ykdysadyýet Gözel tebigatyň goragynda
27.07.2024   280
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   108
Ykdysadyýet Gyzgalaňly günleriň zähmet joşguny
26.08.2025   152
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
11.04.2026   49
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   272
image