Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde welaýatyň çägindäki orta mekdepleriň kitaphanaçylarynyň arasynda yglan eden «Kitaplar dünýäsi — bilimler dünýäsi» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan mekdep kitaphanaçylary gatnaşdylar.
Bäsleşik «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, bilim edaralarynda kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunyny beýan etmek, ýaşlarda kitap okamaga höwes döretmek, kitaphana işini kämilleşdirmek babatda öz iş tejribeleri, ulanýan usullary hakynda edebi-çeper çykyşlary, guraýan sergileri esasynda taýýarlan wideorolikleri bilen özara bäsleşdiler. Şowhunly geçen bäsleşik mekdep kitaphanaçylary üçin özboluşly tejribe alyşmak üçin hem giň mümkinçilik döretdi. Bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanan kitaphanaçylar Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.