Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti dünýä derejesinde ösdürmäge, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan örän baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmäge, gorap saklamaga we wagyz etmäge döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Ähli ugurlarda ajaýyp ösüşleri gazanýan eziz Watanymyz bu gün innowasion ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem täzeçe many-mazmuna eýe bolýar, özgerýär we kämilleşýär. Medeniýet ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalar häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde okyjylara hyzmat edýärler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň milli kitaphana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, kitaphana işine innowasion ösüşleriň ornaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyna-da aýratyn orun degişlidigini bellemek bilen, şol elektron ulgamyň üsti bilen okyjylarda okamaga bolan höwesi döretmeklige ýol görkezdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalarda kitaphana gaznasynyň saklanyşyny, saklanýan birlikleriniň hasaba alnyşyny we ulanylyşyny düzýän awtomatlaşdyrylan ulgamyň işini ýöretmek, kitaphana gaznasynyň bitewüligini, abatlygyny üpjün etmek, okyjylara elýeterliligini guramak maksady bilen, könelen, seýrek we has köp ulanylýan neşirleriň elektron nusgalaryny döretmekde, gaznadaky kitaplary aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmekde häzirki zaman sanly ulgamyň eýeleýän orny has hem uly bolup durýar. Merkezi kitaphanalaryň bitewi kitaphana ulgamy diňe bir kitaphanaçylaryň işlerini ýeňilleşdirmek däl, eýsem-de, kitaphana gelýän okyjylaryň talaplaryny dessin ýerine ýetirmek ýaly işleri amala aşyrýar.
Ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, kabul edilen «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky Karar türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin zerur şertleri döretmek, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklaryny, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny we geljekde ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Halkymyzyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň, dünýäniň bilim, ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny, kitaphana işinde häzirki zaman täzelikleri we innowasion ösüşleri hünär işinde işjeň hem netijeli peýdalanyp bilmeklerini gazanmakdyr.
Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň gazananlarynyň esasynda milli kitaphana ulgamynyň has-da kämilleşdirilmeginden, kitaphana işiniň innowasion çemeleşmeler bilen utgaşyklylykda alnyp barylmagyndan ybaratdyr.
Gözbaşyny gadymyýetden alan milli medeniýetimiziň ruhy binýadyny berkidýän, ynsan paýhasyny durlaýan ruhy gymmatlyklaryň ojagy bolan kitaphanalar bu gün döwür bilen aýakdaş barýar.
Kitaphanaçylara döredilip berilýän ajaýyp şertlere jogap edip,ýurdumyzyň kitaphanaçylary kitaphana işiniň köpugurly görnüşlerini talabalaýyk ýola goýmak, ony dünýä derejesine çykarmak, kitaphanalara okyjylary has köp çekmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.