Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kitaphana ulgamy barha ösýär we döwrebaplaşýar. Welaýatdyr etraplardaky hem-de obalardaky kitaphanalaryň gaznasynyň gorlary täze neşirler bilen baýlaşdyrylýar.
Şonuň netijesinde beýleki kitaphanalar bilen bir hatarda, Daşoguz welaýat kitaphanasy hem okyjylaryň köp barýan mesgenine öwrüldi. Kitaphananyň bölüm müdiri, bu ugurdan baý iş tejribeli Bahargül Amanowa bu babatda şeýle gürrüň berýär:
— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şanly ýylymyz hem taryhyň täze sahypalaryny açyp, ynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýyly ýakymly, ýatdagalyjy ýyllaryň birine öwrüler. Ynha, täze ýylyň ilkinji günlerinden mekdep okuwçylaryndan başlap, uly ýaşly okyjylarymyz isleg bildirýän, göwünsöýen kitaplaryny, çeper eserlerini okamaga gelýärler. Dürli kärdäki, dürli ýaşdaky okyjylarymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren kitaplaryna bolan islegleriniň juda uludygyny belläsim gelýär. Kitaphana işgärleri okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryny, gollanmalaryny hem-de olara kitaplaryň elektron görnüşini ýetirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Kitaphananyň gaznasynyň üsti «Galkynyş» kitap merkezinden gelýän täze neşirler bilen yzygiderli doldurylýar. Bu hem giň okyjylar köpçüliginiň isleglerini kanagatlandyrmak bilen, biziň işimiziň öňe gitmegine uly goltgy berýär. Sebäbi her bir okyjy bize gelende, ilki bilen: «Täze kitap geldimi?» diýen sowal bilen ýüzlenýär. «Hawa» diýip jogap berenimizde ol okyjynyň ýüzi ýagtylyp, begenjinden ýaňa ýylgyryp durýar. Okyjylarymyzy begendiren türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitaplaryň birnäçesi ýakyn günlerde geldi. Olardan türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Berdi Kerbabaýewiň, Aman Kekilowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gara Seýitliýewiň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň eserleri okyjylarymyza gowuşdy.
Kitaphanamyz neşirleri toplamak we işlemek, hyzmat ediş, sungat, ülkäni öwreniş we düşündiriş, sorag-jogap, syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary, kitaphanaara abonement, neşirleri saklamak bölümlerinden ybarat bolup, elmydama okyjylaryň hyzmatynda hereket edýär. Şeýle hem welaýatymyzyň çäginde geçirilýän dürli mazmunly medeni, syýasy çärelerdir baýramçylyklara kitap sergilerimiz bilen gatnaşýarys. Galyberse-de, kitaphanamyzyň işgärleri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabaralaryny, şanly-seneler mynasybetli çäreleri yzygiderli guraýarlar. Kitap bilimleriň çeşmesidir. Şonuň üçinem, aýratynda, ýaş nesli mundan beýläk hem kitap okamaga höweslendirmek üçin «Ýylyň okyjysy» bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Bu hem okyjylarda, aýratyn hem, ýaşlarda kitaplar dünýäsine bolan gyzyklanma, uly höwes döredýär.