Kitap — terbiýe mekdebi
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Kitap — terbiýe mekdebi

Jemgyýet
22.05.2025  207

Adamzat durmuşynda iň gymmatly ruhy baýlyk kitapdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserindäki: «Iň esasy zat bolsa, kitap arkaly jemgyýetiň gymmatly hazynasy bolan şahsyýeti kämilleşdirip, beýgeldip bolýar. Kitabyň ýene bir aýdyň hikmeti — her bir okalan kitap bizi bir basgançak ýokary göterýär» diýen jümle kitabyň gadyr-gymmatyny, onuň durmuşymyzdaky ornuny çeper we dogruçyl beýan edýär.

Kitap hakynda, onuň adamzadyň durmuşyndaky orny hakynda gürrüň gozgalanda, her gezek Nurmyrat Saryhanowyň meşhur «Kitap» atly hekaýasy, guba düýesini bir kitaba çalşan Welmyrat aganyň keşbi hyýalymda janlanýar.

Dana pederlerimiz kitaba, çeper söze aýratyn gadyr goýupdyrlar. Ýaşulularyň çagalyk döwri hakyndaky gürrüňlerine gulak salsaň, irki döwürlerde oba adamlarynyň üýşüp kitap okandyklaryna göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsinde hem kitap okamak bilen baglanyşykly öwüt-ündewler mynasyp orun alýar. Şahyr: «Kitap gören gullar magnydan dokdur» diýip belläp geçýär. Kitap adama edep-terbiýe beriji häsiýete eýe bolup, ol adamyň ruhy baýlygyny hem artdyrýar.

Kitap okamak bilim-düşünjäňi, dünýägaraýşyňy artdyrmagyň, öz-özüňi kämilleşdirmegiň esasy açarydyr. Esasan hem, çagalaryň, ýaşlaryň kitap okamaklyga gyzyklanmasyny artdyrmak hökmandyr. Ýaşlykdan kitap okamagy endik eden adam kitaby hiç mahal elinden goýmaýar. Ol adam kitaby bütin ömür özüne hemra, maslahatçy edinýär. Her bir adamyň söýüp okaýan kitaplary, çeper eserleri bolýar. Şonuň üçin hem «Sen haýsy kitaby okaýandygyňy aýt, men seniň gylyk-häsiýetiň neneňsidigini aýdaýyn» diýen aýtga öwrülen parasatly söz hem häli-şindi il içinde agzalýar. Şundan görnüşi ýaly, kitaplar adamyň akyl-düşünjesiniň, bilim derejesiniň ölçegi hem bolup durýar.

Kitap okamak ynsany ruhy-ahlak taýdan terbiýeleýär, onuň paýhasyny durlaýar, duýgularyny gözelleşdirýär. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň: «Köp okamak ömrüň manysyny artdyrýan endikdir» diýen ajaýyp jümlesiniň hikmetinde aýdyň şöhlelenýär. Ömrümize mazmun bagyşlamagyň bähbidine kitap okamak zerurdyr. Ynsanyň içki dünýäsine gözellik bagyşlamak üçin, edep-terbiýesine zynat bermek üçin kitaplarda beýan edilýän ýagşy gylyk-häsiýetleri, nepis duýgulary özleşdirmelidir. Hut, şol sebäpli-de kitabyň gadyr-gymmaty aýrybaşgadyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýar geljek ugrunda
07.11.2025   67
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   332
Jemgyýet Bedew ýylynyň ýorgudy
27.12.2025   64
Jemgyýet Halkymyzyň guwanjy, ýakyn syrdaşy
25.10.2025   78
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   411
Jemgyýet Bagtyýarlykdan görklenýän obalar
04.09.2025   116
Jemgyýet Ýol abat-il abat
12.09.2025   91
Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   31
image