Kitap seniň dostuňdyr
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Kitap seniň dostuňdyr

Jemgyýet
06.11.2025  30

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr. Şonuň üçinem, halkymyzyň kitaba goýýan hormaty aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Ynsan kitaby köp okasa, dünýädäki ähli barlyklary, aýratyn hem, heniz görülmedik, eşidilmedik täze we çylşyrymly zatlary, açylmadyk syrlary öwrenip, olara akyl ýetirip bilýär. Elmydama kitap okaýan ynsanyň ýüregi mähir-muhabbetden, ynsanperwerlikden doly, kalp päkligi, dil we duýgy baýlygy umman ýaly çuň bolýar. Kitap okamaýan adam ruhy garyplykdan ejir çekýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly atamyz hem «Kitap okýan gullar magnydan dokdur» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Kitap okaýan adamyň dünýägaraýşy juda giň, töwerek-daşyndakylar bilen hem gatnaşygy başgaça bolýar. Olaryň adamkärçiligi, ula-kiçä sylag-hormaty belent bolýar. Häzirki ösen döwrümizde ýaş nesliň okamagy, döretmegi, gurmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Orta mekdeplerden başlap, etrapdyr şäherlerde çagalar kitaphanalary hereket edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinden bir jümläni mysal getiresim gelýär: «Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar». Aslynda, kalby tämiz, arassa saklamak üçin uly-kiçä kitap okamak hökmanydyr. Oňa endik etmek üçinem çagalykdan kitaba höwes etmeli.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   45
Jemgyýet Watanymyzyň durmuşynda taryhy waka
18.07.2025   133
Jemgyýet Dabaraly maslahat
13.02.2025   188
Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   214
Jemgyýet Halkara ylmy-amaly maslahat
26.12.2024   205
Jemgyýet Baş baýlygyň goragynda
02.04.2024   329
Jemgyýet Hakdan halatly ene
02.07.2025   154
Jemgyýet Bagtyýarlygyň nusgalyk ýoly
05.12.2025   15
image