Kitap — kämilligiň gözbaşy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Kitap — kämilligiň gözbaşy

Jemgyýet
04.04.2024  839

Şeýle at bilen Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz  welaýat komitetiniň guramagynda bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bäsleşige şu okuw jaýynyň talyplary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň dowamynda talyplar 3 sany şert esasynda ýaryşyp, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan jümleleri labyzly okamak, rowaýatdyr tymsallara degişli parçalary sahnalaşdyrmak, ýürek buýsançlaryny beýan etmek boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda talyplaryň arasyndan ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Rowaç menzilleriň beýany
19.06.2026   121
Jemgyýet Ynsanperwer ýörelge
29.09.2025   221
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   445
Jemgyýet Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
06.01.2025   414
Jemgyýet Magtymguly Pyragy — ylham çeşmesi
20.03.2024   534
Jemgyýet Galkynyşyň ak ýoly
23.04.2026   160
image