Kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy

Sport
13.08.2024  368

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy hem-de şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde bagtyýar nesiller döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilýän sport bäsleşikleri, gezelençler we beýleki dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär.

Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýän bagtyýar çagalaryň arasynda dürli sport ýaryşlary, bäsleşikler guralýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport — bagtyýar geljegiň binýady» ady bilen, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş gurady. Onda «Bagtyýar» hem-de «Güneş» toparlary özara ýaryşdylar. Gyzykly geçen ýaryşda «Güneş» topary ýeňiş gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   416
Sport Yhlas ― üstünligiň ýarany
29.11.2025   187
Sport Sport — sagdynlygyň binýady
15.02.2023   497
Sport Spartakiadanyň çäklerinde
12.01.2026   175
Sport Ýeňiji bolan zenan
13.11.2024   367
Sport Gyzykly geçen ýaryş
19.03.2026   175
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
20.01.2025   320
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
13.02.2023   469
image