Ene-mamalarymyzyň gadym döwürlerde dokan matalarynyň biri-de ketenidir. Keteni, aslynda ösümligiň ady bolup, bu at şol ösümligiň süýüminden dokalandygy üçin mata hem geçipdir. Keteni ösümligi, ondan süýüm alyp mata dokalyşy hakda belli ýazyjymyz Osman Ödäýewiň «Yşkyň keşbi» romanynda şeýle jümleler bar: «Keteni ösümligi bolsa Gün (Hun, Oguz) derýasynyň kenaryndaky gür sümme tokaýlygyň içinde biçak kän, olar ösümlikleriň, tokaýlygyň içinde älemgoşar deýin mesaňa bolup dur. Şeýle bolansoň, keteni ösümligini ýygnamak o diýen kyn däl. Keteni ösümligi ýetişende gyz-gelinler üýşüşip gidýärler-de, bütin maşgalasyna ýeter ýalysyny ýygyp getirýärler, soňam olary guradyp, ýörite ýasalan tarada keteniniň süýümlerinden mata dokaýarlar». Şeýle hem awtor romanynyň soňundaky düşündirişde keteni barada şeýle diýipdir: «Keteni — Hytaýda, Merkezi Aziýada, aýratyn-da, Oguz derýasynyň kenarynda ösýän dürli öwüşginli ösümlik. Bu ösümlik guradylyp ondan süýüm alnypdyr, süýümlerden hem lälezarlygy ýatladyp duran ýiti gyzyl, sary, ýaşyl reňkli, buzgunç ysly matalar dokalypdyr. Bu ösümligiň dänelerinden atyr, ýag alypdyrlar we ol ýaglary nakgaşlykda peýdalanypdyrlar...».
Görşümiz ýaly, keteni matasy ilki ösümlikden alnan süýümden dokalypdyr, soňy bilen bolsa ony ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan süýümden dokap ugrapdyrlar. Ähli ýerde keteni ösümligi bitmänsoň, şeýle-de, ösümlikden edilen matanyň hili pesräk, ömri gysgarak bolansoň sap ýüpekden taýýarlanylýan ketenileriň meşhurlygy barha artypdyr.
Zenanlaryň ýaşyna görä reňkini saýlap geýýän ketenisi toý lybasy hökmünde örän ýörgünli bolupdyr. Ol reňki, öwüşgini, hiliniň ýokarylygy, saglyk üçin peýdalydygy bilen beýleki matalardan tapawutlanýar. Irki döwürlerde, esasan, gyzyl ýa-da ýaşyl görnüşde bolan ketenileriň reňk öwüşgini häzirki döwürde has baýlaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlarymyz ak, sary, mawy we beýleki reňkdäki ketenileri hem höwes bilen geýýärler. Elbetde, ketenileriň her reňkiniň öz manysynyň bolandygyny hem bellemek gerek. Mysal üçin, gyzyl reňk lälezarlygyň, diriligiň, şadyýanlygyň nyşany bolsa, ýaşyl reňk ony geýeniň we onuň töweregindäkileriň ruhubelentlik, durmuşa hyjuwlylyk, duýgularyny joşdurypdyr. Häzirki döwürde giňden ýaýran ak reňkli keteniler hem aklygyň, bagtyň alamaty bolup, zenanlarymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Biziň halkymyz öz ketenisini başga milletleriň ýüpek matalaryndan tapawutlandyrmak üçin iki gyrasyna sary reňkli zolak çekip, ony «Türkmen ýoly» diýip atlandyrypdyr. Ýurdumyzyň güneşlidigini aňladýan sary zolaklardaky alaja bolsa, gözden, dilden goramak üçin niýetlenendir.
Keteni matasy ynsan saglygy üçin-de örän peýdalydyr. Ata-babalarymyzyň gyzamyk çykaran çaga gyzyl keteni köýnegini geýdirmek däbi häli-häzire çenli saklanyp galypdyr. Keteni gyşyna ýylylyk, tomsuna salkynlyk berýär. Şeýlelik bilen, bedeniň öýjüklerine dem almaga kömek edýär.
Halk arasynda keteniniň ýüpek gurçugynyň pilesinden dokalyp başlanmagy hem-de onuň saglyga täsiri hakda şeýle rowaýat bar. «Günlerde bir gün lapykeç halda barýan ýigidiň öňünden bir ýaşuly çykyp, onuň halyndan habar alýar. Ýigit ýarawsyz ýatan ejesine hiç hili em tapyp bilmeýändigini aýdýar. Ýaşuly ýigide tut agajyna gurçuk goýberip pile saratmagy, onuň ýüpeginden alnan süýümi gyrmyzy reňke boýamagy hem-de ondan mata dokadyp, ejesine köýnek geýdirmegi maslahat berýär. Ýigit ýaşulynyň diýşi ýaly edýär welin, ejesi keselinden saplanyp ötägidýär. Bu gudrata haýran galan aýal, şondan soň keteni matasyny dokap başlapdyr we ony goňşy-golamlaryň gelin-gyzlaryna-da öwredipdir».