«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny düşündirmek maksady bilen, golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň jogapkär işgärleriniň we ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy nukdaýnazaryndan, bu babatda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, olaryň durmuş hem-de zähmet goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigi nygtalyp geçildi. Şonuň ýaly-da, administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini, önümçilik düzgünlerini belleýän kanunyň bu babatdaky talaplary düşündirildi. Kanunda düzgünleşdirilýän kadalaryň administratiw edaralaryň öz işlerini has-da kämilleşdirmekleri, bir kemsiz, adalatly ýerine ýetirmekleri babatdaky wezipelerini amala aşyrmakda esasy çelgi bolup hyzmat edýändigi barada aýdyldy.