Kanuny döwlet
weather dashoguz -2° C Daşoguz

Kanuny döwlet

Jemgyýet
05.12.2025  57

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty bolup geçdi. Onda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary, şeýle hem «Wirtual aktiwler hakynda», «Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda», «1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gelip gowşan teklipler öwrenilip, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda giňden seljerilen, Mejlisiň ähli komitetlerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylan ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga, milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde hem ýurdumyzyň durnukly ösüş depginini üpjün etmekde möhüm resminamadyr.

Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda baş maliýe-hukuk resminamasy ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Çünki ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşi döwletimiziň býujet girdejileriniň artmagyna uly mümkinçilik berýär. Täze taryhy döwrümizde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmekde Döwlet býujeti ýyllyk görkeziji bolup çykyş edýär. Onda täze ýyl üçin binýatlaýyn pudaklary depginli ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejelere ýetirmek baş maksat edinilýär.

Ähli ugurlarda innowasion ösüşleri pugtalandyrmak, milli ykdysadyýetiň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň möçberini ýokarlandyrmak, bank we salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde bellenen meýilnamalary amala aşyrmakda goşmaça maliýe çeşmelerini ýüze çykarmak durmuş-ykdysady strategiýanyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hoş habaryň ýakymy
02.01.2025   275
Jemgyýet Saglyk sahawatynyň saýasynda
24.08.2024   294
Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   589
Jemgyýet Derde melhem şypahana
02.08.2024   396
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   153
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
04.10.2025   81
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.07.2025   123
image