Kanunlaryň talaplary düşündirildi
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Kanunlaryň talaplary düşündirildi

Jemgyýet
07.05.2026  105

Ýaňy-ýakynda kabul edilen kanunlaryň talaplaryny halk köpçüliginiň arasynda düşündirmek maksady bilen, Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Ony Daşoguz şäher häkimligi, şäher prokuraturasy, şäher polisiýa bölümi, TSTP-niň şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar. Maslahata Mejlisiň deputatlary, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň ösüşleriniň kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, munuň halkymyzyň abadan we bagtly ýaşaýşyny üpjün edýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Ýaňy-ýakynda milli parlament tarapyndan birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilendigi, oňa laýyklykda, birnäçe hukuk özgertmeleriniň beýan edilendigi barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň netijesinde administratiw-hukuk gatnaşyklarynyň kämilleşdirilendigi barada giňişleýin düşündirildi, kanunda beýan edilen kadalaryň talaplary wagyz edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty
29.06.2026   81
Jemgyýet Watan gahrymanlaryna buýsanç
10.05.2024   445
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   172
Jemgyýet Işjeň geçen duşuşyk
29.05.2026   124
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
23.03.2024   1194
Jemgyýet Baş baýlygyň goragynda
18.08.2025   245
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   608
image