Ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda kanunçylyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Munuň şeýledigine raýatlaryň bähbitlerine gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle kanunlaryň biri hem «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu kanun özüniň gurluşy boýunça umumy düzgünleri, önümçiligiň ýörelgelerini we kepilliklerini, möhletlerini, önümçiligiň başynda kabul edilýän administratiw nama, administratiw namanyň hakykylygy, kabul edilen administratiw nama şikaýat etmek önümçiligi, administratiw namalary ýerine ýetirmek, administratiw önümçiligiň alnyp barylmagy bilen bagly çykdajylary, administratiw önümçiligiň bozulmagy üçin jogapkärçiligi ýaly we jemleýji düzgünleri göz öňünde tutýan 10 bapdan, 62 maddadan ybaratdyr.
Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, administratiw edara ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalary kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslardyr.
Her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr.
Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr. Administratiw önümçilik administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalary ýa-da maglumatlary almak we işlemek üçin talap edilýän wagtdan ugur alnyp kesgitlenilýän möhletde amala aşyrylýar. Administratiw edara bir aýdan köp bolmadyk möhletde administratiw namany kabul etmek hakynda ýa-da ony kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär. Haçan-da administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin gerek bolan resminamalar ýa-da maglumatlar gaýry ýollar bilen alnyp bilinmeýän bolsa, administratiw edara tarapyndan ygtyýarly edara olaryň berilmegi barada talap haty iberilen halatynda, administratiw önümçiligi amala aşyrmak möhleti talap haty iberilýän gününden başlap, talap edilen resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň alnan gününe çenli togtadylýar. Ýurdumyzda kabul edilýän her bir kanun halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.