Kanagat
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Kanagat

Jemgyýet
30.12.2024  357

Tebigatyň ähli ýaşaýjysyna gözellik berýän, özboluşly häsiýetleri bar. Ol häsiýetleri dürli duýgularyň üsti bilen, ýagny: görüş, ys alyş, eşidiş, tagam biliş ýaly başga-da birnäçe ýiti duýgy agzalaryň täsiri bilen tapawutlandyrmak mümkin. Tebigatdaky bir gülüň görnüşini, ysyny başga bir ugurdan bolan gül asla gaýtalap bilmeýär. Çünki tebigat juda adyl. Ol birmeňzeşligi asla gaýtalanmaýandygy bilen bizi çuň söýgä maýyl edýär. Biz näme üçin anbar ysyny saçyp oturan güli ýekeje sapar ysgap ynjalmaýarys?! Gaýtam onuň ysynyň kalbymyza juda ýakymlydygyny öwran-öwran gaýtalap, özgelere-de «Muny bir ysgap görsene, beýhuş edip barýar!» diýip ýüzlenýäris. Gül bize diňe bir ysy bilen däl, eýsem, özüniň daşky gözelligi, juda näzikligi bilenem kalbymyzda ýakymly duýgy oýarýar. Çünki onda estetiki ýakymlylygyň ähli alamatlary jemlenen. Delil hökmünde bir pursada ýüzlenmek bolar, ýagny aýdaly, siz sähra gezelenje çykdyňyz. Haçanda, ynsan sähra çykanda kalbyndaky gubar baglan pikirlerini özi duýmasyz ýagdaýda terk edýär. Siziň bu ýerdäki enaýyja çigildemleri görmedigiňize gör näçe wagt boldy! Olary diýsene, mymyjak şemala başyny enaýyja yrap, misli sähra läle kakmaga çykan ulugyzlar kimin ogrynça, ejap bilen saňa bakarlar. Ýok! Ýok! Bakybam oňmazlar, kalbyňa pyşyrdap bir zatlar diýer, senem oňa pyşyrdaplar jogap berersiň. Bu pursatdan örküňi üzüp bilmänem janserek bolup duransyň. Göni manyda alanyňda aram-aram tebigata, sähra gezelenje çykmagam adaty bir ýagdaýdaky ajaýyp duýgyny döredýär. Bu babatda tebigat, sähra ynsan kalbynyň içki dünýäsindäki ruhy güýjüniň tämizlenmegine ýardam berýär. Bu ýagdaýy haýsy ynsan başarýan bolsa ol özgelere özüniň estetiki başarjaňlygyny açyp görkezýär. Sebäbi, ol ynsan, ýokarda sanalyp geçilen duýgy bilen baglanyşykly adam kalbyna, fiziologiýasyna gerek bolan yzygider zerurlyklaryň özünde kanagat tapmasyny wagtynda gazanyp bilýär. Kanagat näme? Ol ynsanyň hem ruhy, hem maddy islegindäki zerurlyklaryň gerek möçberini gerekmejek möçberi bilen araçäkleýän germawdyr. Kanagatsyzlyk hem adama mahsus häsiýet. Ony ýeňesiň gelýämi?! Onda ony kitap okamak üçin ulanyber, ägirt uly üstünlik gazanarsyň!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ruhy bitewüligiň baýramy
28.05.2026   115
Jemgyýet Beýik şahyryň sarpasy
11.06.2024   439
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   419
Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   161
Jemgyýet Beýik işlere buýsanç
05.07.2025   245
Jemgyýet «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025»
08.03.2025   547
image