Kämilligiň gözbaşy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Kämilligiň gözbaşy

Jemgyýet
05.11.2025  202

Dil diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, dostluk köprüsi bolup hem hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dil öwrenmek, bilim almak esasy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda ýaşlary milli ruhda, döwrebap terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurda täze üstünlikler gazanmaga, kämil we zehinli ýaşlary ýetişdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Ajaýyp döwrümizde daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usulyýeti kemala getirilýär. Bu babatda ösen tehnologiýanyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Audio we wideo ýazgylar bilen birlikde, dürli elektron görkezme esbaplar daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmäge ýardam berýär. Häzirki ýaşlar öwrenýän dillerini tiz özleşdirýärler. Olaryň dil öwrenmäge bolan ukyby has hem ýokarlanýar. Ýaşlarda sözlükler bilen işlemek endigini kemala getirmek bilen, olara iň täze kompýuter programmalaryň esasynda dil öwredilýär. Munuň özi okatmagyň, bilim bermegiň barha kämil derejelere eýe bolýandygyndan habar berýär.

Dil öwrenmek täze bir dünýäni özleşdirmek hasaplanýar. Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti şöhlelenýär. Şondan görnüşi ýaly, dünýä dillerini öwrenmek dünýäniň halklary bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Ýaşlaryň dil öwrenmekleri olaryň dünýägaraýyşlaryny has-da giňeldýär, kämilleşmeklerine ýardam edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
20.04.2024   645
Jemgyýet Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady
04.10.2025   218
Jemgyýet Halkyň çüwen ykbaly
09.10.2025   192
Jemgyýet Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp
13.11.2025   180
Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Şanly ýylymyza bagyşlanan maslahat
09.01.2025   353
image