Kämilligiň berk sütüni
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Kämilligiň berk sütüni

Jemgyýet
14.02.2026  109

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz, gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Şöhratly taryhymyzda halkymyzyň döreden milli medeniýeti, gymmatly mirasy dünýä nusgalykdyr. Şeýle ajaýyp gymmatlyklar çeper edebiýatlarda, taryhy golýazmalarda hem saklanyp galypdyr. Görnüşi ýaly, pederlerimiz kitap okamaga, ýazuw çeşmelerine aýratyn sarpa goýupdyrlar. Kitap okamak, ylymly-bilimli bolmak halkymyzyň asylly ýörelgesine öwrülipdir. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle asylly ýörelge kämilligiň berk binýadydyr. Bu ýörelge taryhyň dürli döwürlerinde hem türkmen medeniýetiniň, diliniň, edebiýatynyň yzygiderli ösmegine öz täsirini ýetirip gelipdir.

Taryhy döwürde yzygiderli neşir edilýän täze okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ähli babatda döwrebaplaşdyrylýandygyny we kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Kitaby yzygiderli okamagy, ony özlerine dost tutunmagy ýaşlaryň geljekde durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna ýakyndan ýardam berýär. Okuw kitaplary okatmagyň we terbiýe bermegiň esasy serişdeleridir. Ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmagy üçin olarda ähli bilimiň çeşmesi bolan kitap okamaga bolan söýginiň döredilmegi döwrümiziň we durmuşymyzyň möhüm talabydyr. Ylym-bilim gözlegleriniň, bilinmeýän zatlaryň ählisiniň jogaplary kitapdan tapylýar. Kitap sagdyn düşünjäniň gönezligidir. Okamak gözýetimiňi giňeldip, netije çykaryp bilmek ukybyňy, pikiriňi ösdürýän gymmatly çeşmedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň ýalkymy
10.06.2026   77
Jemgyýet Wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti
02.06.2026   57
Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   85
Jemgyýet Änew — ekerançylygyň mekany
18.09.2024   461
Jemgyýet Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
21.02.2023   411
Jemgyýet Döwrüň röwşen çyragy
13.01.2026   128
image