Milli bahar baýramy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy döredijilik duşuşygyny geçirdi
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem Milli bahar baýramy mynasybetli, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşi bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa mekdep okuwçylary hem-de dürli kärde zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlara joşgun, egsilmez ylham bagyşlaýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda döredijilik bilen meşgullanmaga, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem olaryň çykyşlarynda, okan şygyrlarynda kalplary ylhamly ýaşlaryň ýürek buýsançlary öz beýanyny tapdy. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeler, berkarar döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bagtyýar ýaşlaryň ylhamly göwünlerini galkyndyrýar, çeper döredijilik bilen meşgullanmaga höwes döredýär. Ajaýyp döwrüň ruhy joşgunynyň, baky bagtyýarlygyň ýaşlary duýgulandyrýandygyna, belent hyjuwlara besleýändigine okalan şygyrlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şygyrlaryň aglabasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, täze taryhy döwrümizi dabaralandyrýan buýsançly duýgulardyr çeper pikir ýöretmeler şöhlelendi.