Ykdysady taýdan durnukly ösýän döwletimiziň ruhy sütüni-de barha pugtalanyp, dünýäde nusgalyk ýurda öwrülýär. Çünki ýurdumyzda ynsanlaryň ruhy çeşmesiniň gözbaşy bolan milli medeniýetimizi, sungatymyzy, ylmy, bilimi gülledip ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp Şadiwanlarynda geçmiş taryhymyz, medeniýetimiz, aýdym-saz sungatymyz, däp-dessurlarymyz, milli gymmatlyklarymyz, şu günlerki köpugurly ösüşlerimiz hakda söhbet edip, türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ilkinji kitabynda «Kitap ähli döwürlerde islendik ýaşdaky adamy ruhy belentlige, ýüregini buýsanja, kalbyny ýaşaýşa bolan söýgä besleýär. Ol biziň geçmişimiz hem geljegimizdir. Kitap garaňky öýe şem ýakan ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar, ynsanyň nuranalyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrýar. Şoňa görä-de, ynsan nesilleri çuňňur mazmunly kitaplaryň we eserleriň öňünde baş egýär» diýip belleýär. Juda ýerlikli aýdylan bu jümläniň müň kerem rastdygyna ýokarda adyny agzan kitabymyzy okan pursadyň ýene bir ýola aýdyň göz ýetirýärsiň. Çünki bu kitapda taryhy gymmatlyklarymyz barada gyzykly maglumatlar getirilip, olaryň her birine çuňňur ylmy seljerme berilýär.
Aslynda, taryhy-arheologik tapyndylar biziň geçmişimizden habar berýän ylmy maglumatlaryň çeşmesi hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda hem köpöwüşginli taryhy, edebi, medeni gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň gündelik durmuşda giňden ulanan, külallaryň ýasaýan gap-gaçlary hakda-da gyzykly maglumatlar berilýär. Şol maglumatlar ussat senetkärlerimiziň işleýşini, olaryň elinden çykan owadan gap-gaçlary göz öňünde janlandyrýar.
Öz işine ussat külallar toýun palçykdan dürli önümleri ýasapdyrlar. Soňra olary nagyşlar bilen bezäp, ýörite peçlerde bişiripdirler. Şol nagyşlar bilen ajaýyp binalary hem bezäpdirler. Gözelligi bilen haýrana goýýan bu ymaratlaryň bina edilmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň täsiriniň uly bolandygy hem jedelsizdir. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir binagärçilik ýa külalçylyk sungatyna däl, neçjarçylyga-da, dokmaçylyga-da, ylmyň, bilimiň, lukmançylygyň, aýratynam söwdanyň, ykdysadyýetiň ösmegine-de oňyn täsirini ýetiripdir. Şeýlelikde, bu ýoluň ugrundaky döwletleriň şäherleridir obalary gülläp ösüpdir.
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, halklaryň arasynda hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edipdir. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer hem-de hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde hemişelik Bitarap döwletimiz Beýik Ýüpek ýoluny täzeçe dikeltmek arkaly, häzirki döwürde-de sebitiň ýurtlaryny ykdysady, medeni taýdan birleşdirýän, halklaryny dostlaşdyrýan köpriniň hyzmatyny ýerine ýetirýär. Bu ýoluň ugrundaky döwletler bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrylýar.