Kalplary buýsançly bagtyýar iller
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Kalplary buýsançly bagtyýar iller

Jemgyýet
16.09.2025  255

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler, ýetilýän belent sepgitler täze taryhy döwrüň şan-şöhratyny dabaralandyrýar, ýurdumyzyň bedew batly ösüşini has-da ilerledýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde Bitaraplyk şäherçesiniň we awtomobil köprüleriniň açylmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolup, täze taryhy döwürde ýurt abadançylygy, il bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu waka welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynda uly ruhubelentlik döretdi.

Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň we awtomobil köprüleriniň açylmagy mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçen hoşallyk maslahaty bagtyýar halkymyzyň ajaýyp döwrümize buýsanjynyň, belent sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň bagtyýar ýaşaýjylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabaranyň başynda welaýat häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, oba-şäherleri abadanlaşdyrmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda nygtady. Bu hakykat mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen täze Bitaraplyk şäherçesiniň mysalynda aýdyň şöhlelenýär.

Dabarada täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli künjegindäki obalardyr şäherleriň binagärlik keşbiniň barha döwrebaplaşýandygy, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine kybap özgerýändigi hakynda buýsançly gürrüň edildi. Halkymyzyň milli toý däp-dessurlary, şowhunly aýdym-sazlar bilen açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde ilatyň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli döwrebap şertleriň döredilendigi hakynda aýdyldy.

Hoşallyk maslahatynyň dowamy edebi-sazly çykyşlar, şowhunly aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Soňra Bitaraplyk şäherçesiniň gurluşygynda tapawutlanan işgärlere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda dabara gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   497
Jemgyýet Zehini zyýada nesiller
20.02.2025   412
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   231
Jemgyýet Bol harytly mekdep bazarlary
14.08.2024   586
Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   150
Jemgyýet 12-nji iýun — Ylymlar güni
12.06.2025   439
Jemgyýet Goşa mukaddesligiň şanyna
16.05.2025   339
Jemgyýet Bagtyýarlygyň röwşen ýoly
26.01.2026   195
image