Kalplary  birleşdiren festiwal
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Kalplary  birleşdiren festiwal

Jemgyýet
25.08.2026  49

Medeniýet — bu halkyň ruhy baýlygy, milletiň kalbyna ýol tapýan mukaddes sungatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralar Diýarymyzyň her bir künjegine aýratyn bir şowhun we ruhubelentlik paýlaýar. Golaýda Daşoguz welaýatynyň çäginde Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda guralan «Medeniýet we sungat» atly döwlet derejesindäki festiwal, ýurdumyzyň iň belent gymmatlygy bolan adama we onuň mertebesine, ruhy dünýäsine we deňhukuklylygyna goýulýan sarpanyň hem-de jemgyýetimiziň agzybirliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gelen çeper höwesjeňler toparlary Boldumsaz, Görogly, Gubadag, Garaşsyzlyk we Şabat etraplarynyň medeniýet merkezlerinde özleriniň täsirli aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem festiwalyň geçirilýän günlerinde oňa gatnaşyjylar welaýatyň medeni ýadygärliklerine zyýarat etdiler.

Ýokary derejede geçirilen festiwal Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleriniň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň arasyndaky ruhy bitewüligiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça çeper ýolbaşçy, sazanda Täçmuhammet Orazowyň taýýarlan sazly maksatnamasy, Mary welaýatyndan Rejepmyrat Saparowyň, Balkan welaýatyndan Mahmut Mätiýewiň hem-de Lebap welaýatyndan Babajan Rozyýewiň ýerine ýetiren mukamlary festiwalyň belent ruhuny artdyrdy. Şeýle hem welaýatymyzyň toparynyň taýýarlan çykyşlary festiwala özboluşly öwüşgin berdi.

Bir hepde dowam eden festiwalyň ýapylyş dabarasy Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde geçirildi. Dabarada ýerine ýetirilen saýlama çykyşlar jemleýji konsertiň many-mazmunyny has hem baýlaşdyrdy. Dabara gatnaşyjylara welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   448
Jemgyýet Bagtyýarlygyň röwşen ýoly
26.01.2026   167
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere anyk ugur
27.08.2026   53
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   419
Jemgyýet Möhüm wezipeler kesgitlenildi
23.10.2024   366
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.10.2025   174
image