Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
weather dashoguz 28° C Daşoguz

Kalplara nur, ömre ylham Pyragy

Jemgyýet
21.06.2024  31

«Kalplara nur, ömre ylham Pyragy, Galkynyşly döwrüň röwşen çyragy» diýen at bilen, TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige welaýatyň orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Onuň dowamynda talyplar ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgularyny labyzly okamak, beýik söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgusyny ýatdan aýtmak, şeýle hem hödürlenen mowzuklar esasynda bije çekip, özlerine düşen mowzuk boýunça goşgy ýazmak boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de oňa gatnaşanlara TDP-niň Daşoguz  welaýat komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bäsleşigiň welaýat tapgyry
11.05.2024   32
Jemgyýet Ruhubelentlige beslenen dabaralar
05.04.2024   43
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
12.06.2024   30
Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   39
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   54
Jemgyýet Täsirli geçen maslahat
16.02.2023   29
image