Kadalary berjaý etmek möhümdir
weather dashoguz 11° C Daşoguz

Kadalary berjaý etmek möhümdir

Jemgyýet
08.07.2024  358

Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe göwnejaý dynç almaklaryny guramak maksady bilen geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde suwa düşülýän ýerlerde howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek barada aýratyn bellenip geçilýär.

Howanyň yssy günlerinde çagalar suwa düşüp, wagtlaryny şadyýan geçirmäge çalyşýarlar. Olara suwa düşülende berjaý edilmeli howpsuzlyk düzgünleriniň bardygyny-da ýatlatmak her birimiziň borjumyzdyr. Suwa ýörite bellenen, rugsat berlen ýapgyt kenarly, çägesöw ýerlerde düşülmegi amatlydyr. Suwa düşülmezinden öň gowy ýüzüp bilýänleriň biri düşüljek ýeriň — suwuň aşagyny oňat barlap, ol ýerde daş, aýna bölekleriniň, agaç kötükleriniň we beýleki howply zatlaryň ýokdugyny gözden geçirmeli, kenarlardan, köprülerden suwa bökmegiň howpludygyny düşündirmeli.

Nätanyş, öň barlanylmadyk ýerlerde suwa düşmäge topar-topar bolup gelýän çagalar özleriniň topar ýolbaşçysynyň görkezmegi bilen belli, rugsat berlen ýeri saýlap alýarlar. Şonda ýolbaşçy olara kenarlardan daşa ýüzmezligi, biri-birlerini gözden salmazlygy, akymyň garşysyna ýüzmezligi tabşyrmaly, suwa uzak wagtlap düşmegiň kada laýyk gelmeýändigini düşündirmeli. Şeýle edilende, betbagtçylykly hadysalar ýüze çykmaz we howply ýagdaýlaryň öňi alnar.

Dynç alşyň howpsuz, hadysasyz geçmegi hemmeler, aýratynam, ene-atalar üçin zerur bolup durýar. Şonuň üçin bu babatda bellenen kadalary berk berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gurmak, döretmek ýoly bilen
02.11.2024   325
Jemgyýet Rowaçlanýan ýörelge
06.12.2025   114
Jemgyýet Bagtyýarlyk şuglasy
11.12.2025   88
Jemgyýet Täze taryhy eýýamyň ganaty
20.07.2024   345
Jemgyýet Mähribanlygyň işjeňlikdäki beýany
01.02.2025   271
Jemgyýet «Awaza» dost-doganlygyň mekany
01.08.2025   147
image