Jöwen diňi
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Jöwen diňi

Medeniýet
20.11.2022  670

Hally aga atly goňşymyz bardy. Ol daýhan adamdy. Bir ýyl ol mellegine jöweni adaty ekilýän wagtyndan sähel irräk ekdi. Şeýle edilende ol töwerekdäki ekilen jöwenlerden ir başlaýar we ony guşlardan goramak kyn bolýar. Jöwen başyndaky däneler balykgöz bolup başlandan, esasan hem, serçeler süri bolup gelip, başlary boşadyp, sübsä dönderýärler. Olaryň jöwen başlaryna hüjüm edýän wagty başdaky däneler gataýança, ýigrimi gün çemesi wagt dowam edýär. Däne gatansoň, jöweni serçelerden goramagyň zerurlygy bolmaýar. Olar diňe däne ýumşak wagty oňa zeper ýetirýärler.

Hally aganyň jöweniniň ähli jöwenlerden ir başa duranyny ilki duýan serçeler süri bolup, oňa hüjüm edip başladylar. Goňşymyz onuň goragyna çykdy. Ol häli-şindi atyzynyň daşyndan aýlanyp, guşlary ürküzýärdi. Bu işe onuň çagalary hem kömekleşýärdiler. Soňra olar atyzyň daşyndan aýlanmasyny goýdular. Jöwen atyzyň içinden bolsa her wagt atylýan sapanyň şuwwuldysy, şyrpylaryň şyrpyldaýan sesleri eşidilýärdi. Jöwen başlaryna serçeler kär edip bilmediler. Jöwen orlandan soň, atyzyň ortasyndaky adam boýly diňe gözümiz düşdi. Jöweniň boýy uzyn bolansoň, ol orulýança, içinde jöweni guşlardan goramak üçin diňiň bardygyny aňşyrmandyrys. Olar ony jöwen suwarylandan soň, atyzyň boş ýerlerindäki laýlardan alyp, ony depeläp bişirip, depesine çykmaga oňaýly bolar ýaly tekje bejerip gurupdyrlar. Goňşymyz hem-de onuň çagalary şol diňe çykyp sapan atanlarynda, atyzyň ähli ýerindäki guşlary ürküzip bilýän ekenler. Janypkeş goňşymyz şol ýyl jöwenden bereketli hasyl aldy. Görüp otursak, atyzyň içinden diň gurmak ekini guşlardan, ýekegapan, şagal, torsuk ýaly ýyrtyjylardan goramak üçin ata-babalarymyzyň ulanan usullarynyň biri eken.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Agajy işläp bejermek sungaty
02.01.2023   147
Medeniýet Milli däbim — mertebäm
30.03.2024   145
Medeniýet Edebiýatyň parlak ýyldyzy
13.05.2024   143
Medeniýet Bir söýginiň kyssasy
19.10.2024   115
Medeniýet Ýaş halyçylaryň bäsleşigi
04.05.2024   164
image