Daşoguz welaýatynyň gallaçylary zähmet üstünligini gazandylar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde daşoguzly gallaçylar özleriniň zähmet ýeňşini baýram etdiler. Şu ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatyň edermen gallaçylarynyň Watan harmanyna 270 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryndan, yzygiderli goldawlaryndan ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň şanly ýylda gazanan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr.
Guramaçylykly geçirilen galla oragy möwsüminiň dowamynda işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy belent sepgidiň eýelenmegine ýardam etdi. Ýeri gelende bellesek, möwsümiň dowamynda welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşigine degişli bolan 450-den gowrak kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanyldy.
Ýurdumyzda ýer eýeleriniň netijeli zähmet çekmegi, ýerden bol hasyl almagy babatda döredilip berilýän mümkinçiliklerden ruhlanan gallaçy kärendeçiler şu ýyl 145 müň gektar ýerde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Galla hasylyny ýygnamakda Görogly, Şabat, Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynyň edermen kärendeçileri welaýatda ilkinjileriň hatarynda meýilnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Şunda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň, Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň, Görogly etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň, Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň we başga-da ençeme daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň kärendeçileriniň galla tabşyrmakda öňdebaryjylaryň hatarynda bolandygyny bellemelidiris. Möwsümiň dowamynda bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirildi. Halal zähmetiň miwesi bolsa geljekki üstünlikleriň badalgasydyr.