Joşguna beslenen dabara
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Joşguna beslenen dabara

Jemgyýet
25.06.2025  297

Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaraly maslahat we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy galkyndyrmak, halkyň medeni ösüşini täze belentliklere çykarmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler berkarar döwletimiziň rowaç menzilleriniň aýdyň görkezijisidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýyşy ýaly, halkyň kalbyna deňelýän milli medeniýetimizi täze taryhy döwrüň belent ruhuna kybap has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, degişli düzüm böleklerini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Şeýle mazmunly buýsançly çykyşlara giň orun berlen dabaraly maslahatyň dowamy şowhunly aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Baýramçylyga bagyşlanan şowhunly çykyşlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady, ganatly göwünlerini joşdurdy. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, halkymyzyň baky bagtyýarlyga beslenen ajaýyp durmuşynyň belent waspy ýaňlandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Usuly-amaly okuw
13.01.2026   169
Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   469
Jemgyýet Baýramçylyk sowgady gowşuryldy
05.03.2025   384
Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   205
Jemgyýet Watanyň kuwwatly daýanjy
19.06.2026   100
Jemgyýet Ulgam ösüş ýolunda
06.11.2024   429
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
21.02.2025   321
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   459
image