Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk
weather dashoguz 4° C Daşoguz

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

Ykdysadyýet
15.05.2024  75

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň bugdaý meýdanlarynda bereketli hasyl kemala getirilýär. Şonuň bilen birlikde, ony öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnamak üçin taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.

Golaýlap gelýän şeýle jogapkärli möwsüme Akdepe etrabynyň bu ugra dahylly edara-kärhanalarynda, daýhan birleşiklerinde hem ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Şeýlelikde, bu ýerde bugdaý oragynda ulanyljak tehnikalary, galla kabul ediş bölümlerindäki şertleri, ekin meýdanlarynyň töwereklerini gözden geçirmek, kemçiliklerini düzetmek boýunça derwaýys çäreler göwnejaý amala aşyrylýar.

Öňde duran möwsümde etrap boýunça 35 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi bu möhüm işe hemmetaraplaýyn taýýarlykly barylmagyny talap edýär. Sebäbi oragyň bökdençsiz dowam etdirilmegi, hasylyň harmana çalt, zaýasyz getirilmegi kombaýnlaryň, bugdaýy daşajak awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň, däne saklanylýan ammarlaryň taýýarlygyna bagly bolup durýar. Şuny nazara almak bilen, etrapda möwsüme taýýarlyk çärelerine aýratyn üns berilýär.

Belli bolşy ýaly, şu ýylyň galla oragyny talabalaýyk alyp barmakda esasy wezipe etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň kombaýnçylarynyň, olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän adamlaryň üstüne ýüklenilýär. Şoňa görä-de, olar häzirki günlerde özlerine berkidilen kombaýnlary, ulaglary möwsüme taýýarlamak, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmek baradaky işleri durmuşa geçirýärler.

Berlen maglumatlara görä, şu ýylyň bugdaý oragy möwsüminde etrap boýunça 84 sany kombaýnyň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulyp, olar öz işinde ýeterlik tejribesi bolan hünärmenlere berkidilipdir. Olaryň arasynda Hojamyrat Babaýew, Röwşen Haýydow, Azamat Haýytbaýew we beýlekiler bar. Şeýle başarjaň kombaýnçylar geçen ýyllarda hem galla oragyna işjeň gatnaşandyklaryny, bu ýyl bolsa has-da yhlasly zähmet çekjekdiklerini gürrüň berýärler.

Elbetde, kombaýnlaryň, beýleki tehnikalaryň möwsüme birkemsiz taýýar edilmeginde kärhananyň ökde ussalarynyň ençemesiniň mynasyp goşantlarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Şonda olardan Parahat Saparow, Batyr Taýypow dagynyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda agzaýarlar. Çünki olar özleriniň iş orunlarynda göreldeli zähmet çekip, gündelik tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Şonuň ýaly-da, önümçilik kärhanasynda bugdaý oragy döwründe ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek boýunça hem degişli çäreler amala aşyrylýar. Bu barada kombaýnçylaryň, sürüjileriň, ýangyn-tehniki düzgünleriň berjaý edilmegine jogapkär adamlaryň arasynda gürrüňdeşlikler, maslahatlar guralýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy onuň üstünlikli geçirilmegine mümkinçilik berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   47
Ykdysadyýet Daýhan aladalary — berekediň binýady
14.01.2025   12
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   29
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi güýçli depginde
18.06.2024   76
Ykdysadyýet Täze kärhananyň batly gadamlary
18.07.2024   64
Ykdysadyýet Bol hasyla ynam bilen
31.01.2023   81
Ykdysadyýet Tebigat
03.01.2025   26
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   43
image