Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär

Ykdysadyýet
19.04.2024  395

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda pile öndürmek hakynda kabul edilen Kararda bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynda şu möwsümde 500 tonna pile hasylyny Watan harmanyna goşmak göz öňünde tutulyp, bu ugurdaky taýýarlyk işlerine öz wagtynda girişildi.

Welaýatda şu wagta çenli 13700-e golaý ýüpekçi kärendeçi bilen şertnamalar baglaşyldy. Şonuň ýaly-da gurçuk tohumlarynyň örüziljek ýerlerini bellemek, olary zerur enjamlar, serişdeler, tejribeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Meýilnama laýyklykda, şu ýylky möwsümde Daşoguz welaýaty boýunça 384,9 kilogram, başgaça aýdylanda, 13690 guty gurçuk tohumyny örüzmek, ýüpekçilere paýlamak we idetmek bellenilýär. Munuň üçin jemi 67 ýerde tohum örüziş merkezleriniň, il arasynda aýdylyşy ýaly, inkubatorlaryň hereket etmegi nazarda tutulýar. Möwsümde ýüpek gurçuklarynyň tohumlarynyň daşary döwletden getirilen hem-de öz ýurdumyzda öndürilen görnüşleri idediler.

Hemmämiziň bilşimize görä, ýüpek gurçuklaryny ýylylyk, çyglylyk we howa çalşygy ýaly zerur şertleri bolan otaglarda idetmeli bolýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýüpekçiler bilen ýygy aragatnaşykda bolup, bu barada olara degişli maslahatlar berilýär, derwaýys serişdeler ýetirilýär.

Ýüpek gurçuklaryny idetmekde esasy zadyň tut ýapraklary bilen ýeterlik üpjünçilige baglydygyny hem aýtmak gerek. Bu barada welaýatda ençeme ýyllardan bäri yzygiderli alada edilip gelinýär. Şeýlelikde, häzirki döwürde 2 müň gektara golaý tutly meýdanlar bar. Mundan başga-da, şahsy hojalyklaryň mellek ýerlerinde, atyzlaryň gyralarynda, ýaplaryň, salmalaryň boýlarynda ösýän tut agaçlary hem uly kömek bolýar. Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetinde, Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky, Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiklerinde we beýleki ýerlerde tut agaçlaryny ýetişdirmäge, gorap saklamaga aýratyn uly üns berilýändigi  guwandyrýar.

Şu ýylky möwsümde ähli ýüpekçiler, hünärmenler agzybirlikli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak bilen, ata Watanymyzyň pile harmanyna öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   214
Ykdysadyýet Edermen pileçileriň üstünligi
28.05.2025   257
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   231
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
04.05.2026   164
Ykdysadyýet Pagta ýygymy guramaçylykly barýar
24.09.2024   464
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
29.01.2025   313
image