Jemgyýetiň sagdynlygy — döwletiň berkararlygy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Jemgyýetiň sagdynlygy — döwletiň berkararlygy

Jemgyýet
08.10.2025  220

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan zenanlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, nika bozulmalarynyň öňüni almak, ahlak terbiýesini, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek boýunça «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle mazmuna ýugrulan maslahat Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda hem guramaçylykly geçirildi. Oňa häkimligiň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilýändigi, adam we onuň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, zenanlaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça çäreleriň uly toplumynyň amala aşyrylýandygy, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, sagdyn maşgalany kemala getirmek ugrunda gaýragoýulmasyz işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem zenanlaryň bu aladalara mynasyp işleri bilen jogap bermelidikleri ündeldi.

Soňra edep-terbiýe kadalaryny berjaý etmek, milli häsiýetlerimize, ýörelgelerimize ygrarly bolmak, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy döwrebap derejede rowaçlandyrmak, ösüp barýan ýaş gyzlaryň ahlak terbiýesine ünsi güýçlendirmek, pasla görä hereket etmek bilen bagly täsirli söhbet etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   601
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   187
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
13.11.2025   202
Jemgyýet Garaşsyzlyk — baky bagtymyz
28.08.2025   278
Jemgyýet Alabaýlara bagyşlanan sergi
25.10.2025   194
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.07.2025   253
Jemgyýet Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
06.11.2024   468
image