Jemgyýeti ösdürmegiň aýdyň ýoly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Jemgyýeti ösdürmegiň aýdyň ýoly

Jemgyýet
05.08.2026  73

TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň döwlet arhiwiniň hem-de «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Daşoguz welaýat bölümleriniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda berlen tabşyryklardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda bu umumymilli forumyň geçirilmeginiň maksady, gymmaty barada giňişleýin gürrüň edildi.

Şeýle hem çykyşlarda halkymyzyň agzybirliginiň, jemgyýetimiziň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ösüşleriniň özeni bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda demokratik özgertmelere aýratyn ähmiýet berilýändigi, galkynýan döwrümizde döwleti we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda merdana pederlerimiziň geçen şöhratly ýoluna, baý durmuş tejribesine daýanylýandygy, oňa ygrarlylygyň kämil nusgasy hökmünde halkyň sözüne, pikir-garaýşyna aýratyn orun bermek ýaly döwletlilik ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi bilen barha rowaçlanýandygy barada buýsanç bilen bellendi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli ýoly
08.08.2024   416
Jemgyýet Ösüşiň nusgalyk ýoly
20.02.2026   135
Jemgyýet Dabaraly maslahat
13.02.2025   319
Jemgyýet WATAN GERÇEGI SARPALANDY
09.05.2025   344
Jemgyýet Galkynyşyň ak ýoly
23.04.2026   131
Jemgyýet Milli mirasym — mertebäm
01.10.2024   375
Jemgyýet Berkararlygyň şuglasy
16.10.2025   186
image