Jebisligiň aýdyň ýoly
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Jebisligiň aýdyň ýoly

Jemgyýet
07.09.2024  351

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilýän günlerinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek  syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalar, çözgütler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine, abadançylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Çünki ýurdy ösdürmegiň täze belentliklerini nazarlaýan çözgütler şol ýurduň ilatynda ýagty geljege ynamy berkidýär. Ynamyň bar ýerinde agzybirlik bardyr, rowaçlyk bardyr. Adam döwlet tarapyndan edilýän aladany, döredilýän mümkinçilikleri duýanda, jebislige, döredijilikli zähmete ymtylýar. Geňeşmelerdir maslahatlar gurap, birek-biregiň garaýşyny öwrenmek, özara düşünişmek we ylalaşykly iş alyp barmak jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetiniň ýörelgelerini kemala getirýär.

Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi bilen ylmy esasy aňladyp, syýasaty öwreniş nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr.

Halk Maslahaty ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitlerini sazlaýar. Kanunçylygyň we jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilişine ýardam edýär. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündirmäge işjeň gatnaşýarlar, ilat arasynda giňişleýin wagyz-nesihat edýärler.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
06.08.2024   314
Jemgyýet Dabaraly maslahat
21.08.2025   170
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
02.09.2025   164
Jemgyýet Igdeli gürrüň
28.08.2025   166
Jemgyýet Parahatçylyk ýörelgesi dabaralanýar
27.11.2025   92
Jemgyýet Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi
04.04.2025   310
Jemgyýet Sungatyň ýaş zehinleri
05.03.2026   55
image