Jana şypaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Jana şypaly

Jemgyýet
11.03.2026  123

Ýurdumyzda gök çaý içmek örän ýörgünli. Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, gök çaý iň peýdaly içgileriň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaýmelhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň ilkinji ýurdunyň ÇynMaçyndygy, şeýle hem çaýyň Ýaponiýa, Gruziýa ýaly ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýändigi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Çaýyň taýýarlanylyşy barada-da kitapda gyzykly maglumatlar bar. Çaýyň taýýarlanylyşy dürli-dürli bolýar. Adamlar, esasan, tüňçede gaýnadylan çaýdan uly lezzet alýarlar. «Guşdyrnak» çaý türkmen üçin iň bir lezzetli içgidir. Yssy, gurak howada çaý suwsuzlygyňy gandyrýar. Çölde bir tüňçe gök çaý içersiň welin, saňa suw küýsetmeýär. Garagum sährasynda, meýdanda ojar odunyň howruna gaýnan tüňçä atymlyk gök çaý atyp, biraz demine goýsaň, ysyndan hem, tagamyndan hem doýup bolmaýar. Ol adama güýç-kuwwat, şypa berýär. Tebigata, açyk howa seýrana çykyp, lezzet bilen gök çaý içen adam hemişe ruhubelentdir, onuň ňňi sagatdyr, akyly durudyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy- ensiklopedik kitabynda fitoçaýlar, ýagny türkmen topragynda bitýän ösümliklerden taýýarlanylýan çaýlar barada gymmatly maglumatlar bar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli ýörelgeler dabaralanýar
14.05.2025   315
Jemgyýet «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025»
08.03.2025   555
Jemgyýet Tomus — 2026
13.07.2026   73
Jemgyýet Mertebeli menzilleriň şatlygy
04.04.2025   389
Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
19.09.2024   634
Jemgyýet Bagtyýarlykdan görklenýän obalar
04.09.2025   237
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   99
Jemgyýet Ussat  zenanlarymyzyň üstünligi
25.07.2025   268
image