Ismiň düşmüş ilden-ile
weather dashoguz 6° C Daşoguz

Ismiň düşmüş ilden-ile

Jemgyýet
10.07.2024  433

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çeper söze hormaty belent halkymyz dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belleýär. Şanly toýuň dabaralary bu günki gün älem içre ýaň salyp, halklaryň edebi we medeni ýakynlygyny has-da berkidýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Saparyň çäklerinde doganlyk döwletiň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy şanly ýylyň dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Ýeri gelende bellesek, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bilen birlikde, gazak halkynyň görnükli şahsyýetleriniň biri Kurmangazy  Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Paýtagtymyzda gazak şahyry Abaý Kunanbaýyň heýkelini oturmak hem göz öňünde tutulýar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi Astana şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşip, onuň beýikligi 8,5 metre golaýdyr.

Akyldar şahyryň «Ismim düşdi ilden-ile» diýip belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gazagystan Respublikasynda dana şahyryň ýadygärliginiň açylmagy hem türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkidilýändigini alamatlandyrdy. Edebiýat, söz sungaty halklary ýakynlaşdyrýar, kalplary birleşdirýär. Bu taryhy pursatlar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän günlerinde ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň birine öwrüldi.

image