Işleriň depgini ýokary
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Işleriň depgini ýokary

Ykdysadyýet
03.04.2025  331

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 18 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny kemala getirmegi maksat edinen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň kärendeçi daýhanlarydyr ýer eýeleri gowaça ekişine irki möhletlerde girişmek bilen, bu möhüm çäräniň depginini günsaýyn ýokarlandyrmak ugrunda ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Etrabyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginde şu möwsümde 1300 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Birleşigiň kärendeçi daýhanlary ýerleri öz wagtynda sürüp, tekizläp, suwdan oňat gandyrdylar. Bu çäreleriň Atamyrat Saryýew, Gurbangeldi Gazakbaýew, Allamyrat Arazmedow dagynyň ýolbaşçylygyndaky 2,5,9-njy kärendeçiler toparlarynda has-da guramaçylykly, ýokary hilli geçirilendigini bellemek bolar. Munuň özi daýhan birleşiginde gowaça ekişine öňdäkileriň hatarynda girişmäge mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, häzirki günlerde hojalykda bu möhüm çäräniň depgini barha ýokarlanýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
23.06.2026   100
Ykdysadyýet Şaly hasyly ýygnalýar
16.10.2024   345
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   301
Ykdysadyýet Işler talabalaýyk guralar
20.05.2025   266
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Zähmet joşýar «ak altynly» pellerde
20.10.2025   279
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirildi
28.06.2024   381
Ykdysadyýet Söwüt agajy
05.02.2025   1040
image