Işler talabalaýyk guralar
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Işler talabalaýyk guralar

Ykdysadyýet
20.05.2025  289

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda zähmetsöýer gallaçylarymyzyň ýetişdirýän bereketli bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmakda Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky önümçilik kärhanalarynyň kombaýnçylary, olara derwaýys ugurlardan ýardam berýän adamlar uly işleri amala aşyrýarlar. Bu babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň golaýlap gelen bugdaý oragy möwsüminde-de olaryň öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Şu möwsümde olaryň kömegi bilen 145 müň gektar meýdanda orak işini ýokary hilli geçirmek meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, agzalan kärhanalarda bu gaýragoýulmasyz çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmeklige aýratyn üns berilýär.

Şu ýylyň galla oragy döwründe bu kärhananyň 33 sany kombaýnynyň kömegi bilen 14 müň gektardan gowrak meýdandaky galla hasylyny ýygnamak meýilleşdirilipdir. Şoňa görä, ýerlerde iş alyp barjak ýörite toparlar döredilip, olaryň degişli kombaýnlar, ýangyç, tehniki hyzmat ulaglary bilen üpjün edilmegi bellenilipdir. Şonuň ýaly-da toparlara jogapkär hünärmenler ýolbaşçylyk ederler.

Möwsümiň dowamynda kombaýnlara iş üstünde tehniki, ýangyç guýmak hyzmatlarynyň talabalaýyk berjaý edilmegi-de esasy wezipeleriň biri hasap edilýär. Bu zerur işleri göwnejaý alyp barmak kärhananyň tejribeli ussalary Atanazar Saparnyýazowyň, Ibadulla Bekjanowyň, Nedibaý Saburowyň, ýangyç daşaýan ulaglaryň sürüjileri Döwletýar Saparbaýewiň, Faýzulla Baltabaýewiň we beýleki hünärmenleriň ýadawsyzlygyna bagly bolup durýar. Olaryň bu işleriň hötdesinden gelip bilýändiklerini geçen ýyllardaky görkezijileri anyk subut edýär.

Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmekde esasy aladalaryň hatarynda kombaýnçylaryň, olaryň kömekçileriniň arasynda ýangyn, tehniki, ýol hereketi howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegi barada düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň hem möhüm ähmiýeti bar. Kärhanada bu babatda hem degişli işleri geçirmeklige üns berilýär. Şonda kombaýnlar, beýleki ulaglar ýangyn söndüriji gurallar we beýleki serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda düşündiriş çäreleri guralypdyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Aýgytly günleriň aladalary
06.08.2024   362
Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   231
Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   284
Ykdysadyýet Gallaçylarynyň zähmet üstünligi
27.06.2026   142
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   96
Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   191
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   73
image