Islegli önümler öndürilýär
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Islegli önümler öndürilýär

Ykdysadyýet
14.11.2023  338

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasy hem ençeme ýyllardan bäri ilatyň dürli görnüşli gurluşyk önümlerine bolan isleginiň kanagatlandyrylmagy ugrunda öndürijilikli iş alyp barýar. Bu ýerde dürli görnüşli plastik penjireler, demir, agaç gapylar, mebeller öndürilip, olaryň hyrydarlara öz wagtynda ýetirilmegi gazanylýar. Kärhanada öndürilýän jemi 20-den gowrak görnüşli önümler hiliniň ýokarylygy, bahalarynyň elýeterligi bilen tapawutlanýar. Geljekde önümleriň görnüşlerini has-da artdyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri zawodynyň işçi-hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depgininiň ýokary bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynda derwaýys bolan önümleriň ençeme görnüşini öndürýärler. Şeýle önümleriň hatarynda jaýlary basyrmakda ulanylýan plitalar, gapy we penjire çarhawuklary, binýat bloklary, köçeleriň gyralaryna oturdylýan bezeg daşlary we beýlekiler bar. Zawodda her ýylda şeýle önümleriň 27-28 müň kub metri öndürilip, degişli kärhanalara, şahsy hojalyklara ugradylýar. Işleriň häzirki depgini bu babatda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň üstünlikli berjaý ediljekdigine uly ynam döredýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
16.04.2024   346
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   342
Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   151
Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   274
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
21.04.2026   104
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   399
Ykdysadyýet Galla-2026
15.06.2026   79
image