Isleg bildirilýän önümler
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Isleg bildirilýän önümler

Ykdysadyýet
06.02.2026  173

Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň yhlasy bilen öndürilýän tikin önümlerine halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär.

Belli bolşy ýaly, kärhanada ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işçi-hünärmenleri üçin ýörite egin-eşikler, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri, mekdep okuwçylary üçin lybaslar, hassahanalar, esger ýatakhanalary üçin ýorgan-düşekler, jemlenilip alnanda 100-den hem köp görnüşdäki tikin önümleri öndürilýär. Bu önümler ýokary hilliligi, berkligi bilen tapawutlanyp, hyrydarlarynyň barha artmagyna getirýär.

Kärhananyň tikinçi-hünärmenleri geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem guwandyryjy netijelere eýe boldular. Olar şonda 21 million manatlyga golaý önüm öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda agzybir zähmet çekilendigini aňladýar. Şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagynda kärhananyň eli çeper tikinçi gelin-gyzlarynyň ençemesiniň mynasyp goşantlary bar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   88
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
18.08.2026   49
Ykdysadyýet Gallaçylaryň armasy ýetirildi
28.06.2024   385
Ykdysadyýet Söwüt agajy
05.02.2025   1047
Ykdysadyýet Ak bugdaýyň bol hasyly
04.07.2024   394
Ykdysadyýet Şu günki alada — ertirki hasyl
15.01.2026   163
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   34
Ykdysadyýet Bol hasyla ynam bilen
31.01.2023   385
image