Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde Watanymyzyň ykdysady ösüşleriniň ilerlemegine, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnukly bolmagyna uly goşant goşýan, Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda yglan eden «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.
«Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guralan bäsleşigiň bu tapgyryna bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň 6-sy gatnaşdy. Bäsdeş gyz-gelinler bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» atly şertinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen, bank ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler hem-de şu günki günde alnyp barylýan işler barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Ikinji şertde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de bank ulgamynyň gazanan ösüşlerini şu günüň mysalynda dabaraly aýdymyň, dessanyň, goşgynyň üsti bilen çeper hem şowhunly wasp etdiler. «Türkmen halkynyň myhmansöýer saçagy» atly şertinde Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby esasynda toý saçagyny bezäp, ondaky tagamlaryň taýýarlanyşyny çeper beýan edip, öz ukyplaryny açyp görkezdiler.
Bäsleşik örän şowhunly, baý many-mazmunly geçdi. Ol bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň döwre gatnaşygyny doly açyp görkezdi. Bäsleşikde 1-2-nji orunlary eýelän zenanlar onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Welaýatyň zenan bagşylarynyň aýdym-sazly çykyşlary, owadan tanslar dabaraly pursatlaryň şowhunyny has-da artdyrdy.