Işjeňligiň belent nusgasy
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Işjeňligiň belent nusgasy

Jemgyýet
21.08.2025  213

Täze taryhy döwür döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan belent özgertmeleriň esasynda barha beýgelýär we öňe tarap ilerleýär. Şeýle tutumlarda ýurdumyzyň zenanlary hem işjeňligiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Olar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, öý-ojaklarynyň abadançylygyny, maşgala mukaddesligini gorap saklamaga taýsyz tagallalaryny siňdirýärler.

Bu günki gün tutuş dünýä türkmen zenanyna mähribanlygyň hem işjeňligiň, wepalylygyň, gaýratlylygyň belent nusgasy hökmünde garaýar. Zenanlarymyzyň taýsyz zehin-başarnyklaryndan döreýän el işleri bolsa, adamzadyň maddy däl medeni mirasy hökmünde, Ýer ýüzüne giňden ýaýylýar. Olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň gerimi nesilleriň arasynda ýaýbaňlandyrmakda, tejribe toplamakda, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmekde has-da giňeýär. Bu babatda döwür bilen zenanlaryň arasynda köpri bolup çykyş edýän ýurdumyzyň zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hemişe gürrüňini etmäge mynasypdyr.

Tutuş Daşoguz welaýatynda bolşy ýaly, welaýatyň Boldumsaz etrabynyň zenanlar bölüminiň durmuşa geçirýän işleri hem zenanlaryň döwre gatnaşygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. 33491 agzany özüne birleşdirýän 155 sany ilkinji guramanyň alyp barýan işleri zenanlaryň işjeňligini ösdürmekde, ýaş gyzlara görelde görkezmekde, maşgala gymmatlygyny gorap saklamakda, sagdyn ýaşaýyş-durmuşy wagyz etmekde, özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerine olaryň gatnaşygyny jebisleşdirmekde uly ýardam edýär.

Häzirki wagtda TZB-niň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilýän bäsleşikler köptaraply hem köpöwüşginli häsiýete eýe bolup, ol zenanlaryň döwür bilen aýakdaş gitmegini, milliligiň hem döwrebaplygyň bitewüliginiň üpjün edilmegini şertlendirýär. Etrabyň dürli ugurlarda nusgalyk işleri bilen tapawutlanýan bagtyýar zenanlarynyň şol bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri olar bilen bu babatda geçirilýän işleriň ýerine düşýändigini açyp görkezýär.

— Etrabymyzyň dürli ugurlar boýunça öňe ilerlemelerinde zenanlarymyzyň mynasyp ornunyň bardygyny uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Zenanlarymyz ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, hoşniýetlilik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek bilen bir hatarda, telekeçilik bilen hem giňden meşgullanýarlar, dürli ugurlarda ajaýyp zähmetiň, öndürijilikli işiň belent nusgasyny görkezýärler. Şol bir wagtyň özünde aýratyn zehinlerini, başarnyklaryny dürli bäsleşikler arkaly doly açyp görkezip, özleri bilen geçirilýän işleriň netijeliligini subut edýärler. Ýeri gelende, zehinli zenanymyz Mährijemal Atalowanyň «Syrlar siňen nepislik», Gülçeper Dädemyradowanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşikleriň döwlet tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edendiklerini aýratyn nygtap geçmek ýerlikli. Şeýle hem baýramçylyklar mynasybetli zenanlaryň uly topary bilen çäreler, özara bäsleşikler guralyp, sowgatlar bilen höweslendirip, olaryň işjeňligini artdyrmak, alnyp barylýan işlere çynlakaý çemeleşmeklerini gazanmak ugrunda tagallalar edilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlarymyza bildirýän belent ynamyna ýerlerde mynasyp iş bilen jogap berilýändigini açyp görkezýär — diýip, etrap zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Sapargül Rejepowa gürrüň berýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   392
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   185
Jemgyýet Ählumumy abadançylygyň hatyrasyna
04.04.2026   81
Jemgyýet Hakyň peşgeşi
10.03.2025   334
Jemgyýet Ebedi dostlugyň dabaralanmagy
27.02.2025   327
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   60
image