«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» ady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
«Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan gyz-gelinleriň köp sanlysy gatnaşdylar. Döwre gurap ýerleşdirilen milli el işleriniň ajaýyp nusgalary owadan görnüşleri bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Hususan-da, bäsdeş zenanlara uly hyjuw eçildi. Olar owadan bezelen sahnada ýokary joşgun bilen çykyş etdiler. Şonda keşdeçilik bilen meşgullanyşlary, ony ösdürmäge goşýan goşantlary, bu işe başlamak üçin gerekli zatlar, ilkinji taýýarlyk işler barada gürrüň berdiler. Özleriniň saýlap alan keşdeleriniň waspyny ýetirdiler. Olaryň ýerine ýetirýän işlerine eminler topary tarapyndan gözegçilik edildi. Bu bolsa keşdeçi zenanlaryň bu inçe sungata gatnaşygyny has ýakyndan synlamaga uly mümkinçilik boldy. Soňra olar owadan keşdeler bilen nagyşlanan lybaslaryny geýip, çeper sözleriň üsti bilen onuň waspyny ýetirdiler. Çeper elli zenanlaryň bu işe ussatlygy olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynyň üsti bilen doly açylyp görkezildi.
Netijede, aýratyn zehin-ussatlygy bilen tapawutlanyp, Şabat etrabynyň medeniýet merkeziniň direktory Ýaňyl Ödebaýewa 1-nji orna, Boldumsaz etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Hanmedowa 2-nji orna mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we beýleki gatnaşyjylara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Welaýatyň tanymal zenan bagşylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary hemmelere ruhy lezzet paýlady.