Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Iň gowy gyzlar gurnagy belli boldy

Jemgyýet
04.02.2023  530

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan eden «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

         Daşoguz şäherindäki «Maral» toý mekanynda geçen bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzlar gurnaklarynyň 8-si gatnaşdy.

Örän gyzykly ýagdaýda geçen bu bäsleşikde özleriniň aýratyn başarjaňlygyny görkezen gyzlar toparlary öňe saýlandylar. Şeýlelikde, 1-nji orna Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň «Bagtyýar gyzlar» gyzlar gurnagy mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. 2-nji orna Köneürgenç etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 59-njy orta mekdebiň «Bägül» gyzlar gurnagy, 3-nji orna Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň «Milli nagyş» gyzlar gurnagy mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   489
Jemgyýet Milli senenama — durmuş tejribesi
04.02.2026   183
Jemgyýet Aýlaryň serweri
09.03.2024   493
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   123
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.11.2025   164
Jemgyýet Ýol abat – il abat
04.09.2024   417
image