Ilkinji günüň ilkinjileri
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ilkinji günüň ilkinjileri

Sport
16.04.2024  11

Paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň ilkinji güni hem «ilkinjilere» baý boldy. Şolaryň käbiri:

— halkara ýaryşyň ilkinji şaýbasyny Özbegistanyň «Feniks» toparynyň wekili Abdusamad Nasirow geçirdi. Ol «Oman Nationals» topary bilen geçirilen duşuşygyň eýýäm 6-njy minudynda tapawutlanmagy başardy;

— halkara ýaryşyň ilkinji günündäki dört duşuşykda derwezelere jemi 42 şaýba geçirildi;

— ýaryşdaky ilkinji uly hasaply ýeňişleri Özbegistanyň «Feniks» we Türkmenistanyň «Galkan» toparlary gazandy. Özbek topary garşydaşyndan 8 şaýba köp geçirip, ýeňiş gazanan bolsa, «Galkan» garşydaşyndan 7 şaýbany köp geçirdi. Agzalýan duşuşyklarda «Feniksiň» «Oman Nationals» toparyny 11:3, «Galkanyň» bolsa «Bahreýn» toparyny 8:1 hasabynda ýeňendigini habar berýäris;

— Türkmenistana wekilçilik edýän «Galkan» hokkeý toparynyň düzüminde halkara ýaryşdaky ilkinji şaýbany 20 ýaşly hokkeýçi Nowruz Baýhanow geçirdi;

— «Feniks», «Akmola» (Gazagystan), «Adihis-Kazan» (Tatarystan Respublikasy) we «Galkan» halkara ýaryşda ýeňiş gazanan ilkinji toparlardyr;

— ilkinji günüň duşuşyklarynda iň çalt geçirilen şaýba «Adihis-Kazanyň» hokkeýçisi Aidar Miftahowa degişli. Ol oýnuň birinji tapgyrynyň 2-nji minudynda tapawutlanmagy başardy.

Meňzeş habarlar

Sport Erjel türgeniň üstünligi
30.12.2022   42
Sport Zenanlaryň ýaryşy
14.03.2024   24
Sport Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
16.04.2024   22
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   11
Sport Ildeşimiziň halkara üstünligi
19.03.2024   21
image