Ildeşimiziň halkara üstünligi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ildeşimiziň halkara üstünligi

Sport
19.03.2024  393

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sportumyzyň galkynmagy, şol sanda ýurdumyzda paraolimpiýa hereketini ösdürmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem türkmen türgenleri halkara derejeli ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl tugumyzy belende göterýärler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogynda ildeşlerimiz medallaryň altysyna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgeni Roza Matýakubowa hem öz agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Halkara ýaryşa dünýäniň 32 ýurdundan 173 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiziň bu halkara üstünligi berkarar döwletimizde türgenlerimiziň sport bilen meşgullanmaklary, dünýä derejesinde öz ussatlyklaryny görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Meňzeş habarlar

Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   391
Sport Ýeňiji bolan zenan
13.11.2024   343
Sport Pälwanlar özara bäsleşdiler
18.06.2025   255
Sport Sport
19.05.2026   90
Sport Gyzgalaňly geçen ýaryş
17.09.2024   425
image