Ilaty durmuş taýdan goramagyň kepili
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Ilaty durmuş taýdan goramagyň kepili

Jemgyýet
22.10.2025  121

«Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda» kodeksi Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlarynyň edilmegi boýunça döwlet ulgamyndan ybarat bolup durýar.

Ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasaty, ilatyň durmuş taýdan goralmagy babatda bir bitewi syýasatyň üpjün edilmegine, raýatlaryň ýurdumyzyň Konstitusiýasynda kepillendirilen, durmuş taýdan goralmaga bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegine, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň dolandyrylyşynyň we onuň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine, ykdysady taýdan işjeň ilatyň pensiýa ätiýaçlandyrmasyna ýokary derejede gurşalyp alynmagyna, ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň maliýe durnuklylygynyň üpjün edilmegine, raýatlaryň pensiýa üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, aýratyn döwürlerde, raýatlaryň aýry-aýry toparlary üçin maliýeleşdirmegiň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna pensiýa gatançlarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Kodeksiň 9-njy maddasynda: «Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiligi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmalary arkaly durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda raýatlaryň döwlet pensiýa üpjünçiligine bolan hukugy çäklendirilip bilinmez» diýlip bellenilen. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygynyň kanun arkaly kepillendirilmegidir. Şeýle ajaýyp döwletde ýaşamak ýurdumyzyň her bir raýaty üçin buýsançdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şöhratly taryhyň şaýady
22.12.2025   122
Jemgyýet Joşguna beslenen dabara
25.06.2025   216
Jemgyýet Döwre buýsanjyň beýany
22.01.2026   79
Jemgyýet Şanly ýylyň dabarasy
23.11.2024   327
Jemgyýet Merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly
02.04.2026   43
Jemgyýet Wysala gowşan ak arzuwlar
21.06.2025   228
image