Il saglygy — ýurt baýlygy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Il saglygy — ýurt baýlygy

Jemgyýet
03.04.2026  81

Ajaýyp döwrümizde  mähriban Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Baky Bitarap döwletimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalary esasynda Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hem-de welosipediň jemgyýetçilik ulaglarynyň sanawyna goşulmagy bu ugurda öňegidişlikleriň, ösüşleriň barha rowaçlanýandygynyň kepilidir. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde türkmen türgenleri dünýäniň uly sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemek bilen, eziz Diýarymyzyň ýaşyl Baýdagyny al-asmanda parladýarlar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda kabul edilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda beýik işler amala aşyrylýar. Bu babatda taryh üçin uly bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap oba saglyk öýleriniň, merkezleriniň, etrap, şäher we welaýat merkezlerinde saglygy goraýyş anyklaýyş merkezleriniň, hassahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi ynsan saglygy ugrunda edilýän aladalaryň güwäsidir. Geçen ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde dabaraly açylan Bitaraplyk şäherçesinde beýleki desgalar bilen bir hatarda, saglyk öýüniň açylyp ulanmaga berilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilendir.

Indi däp bolup gelşi ýaly, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenip geçilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giň gerime eýe bolýan sport çäreleri ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şalynyň idegi ýokary depginde
31.07.2025   189
Jemgyýet Bilimler dünýäsine tarap ak ýol
19.07.2024   429
Jemgyýet Obalar döwrüň keşbinde
02.07.2025   264
Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   398
Jemgyýet Bilim ýoly — bagt ýoly
30.08.2025   221
Jemgyýet Ýurduň daýanjy ýaşlar
14.02.2023   434
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   320
image