Il saglygy – ýurt baýlygy
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Il saglygy – ýurt baýlygy

Jemgyýet
06.07.2024  482

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň döwrebap derejede ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Ýakynda bu kärhananyň saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň ilkinji tapgyry Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasyna gelip gowuşdy.

Ýeri gelende bellesek, bu lukmançylyk serişdeleriniň ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri, agyz-burun örtükleri, lukmançylyk pamyklary, ýapynjalar, lukmanlar üçin ýörite bellenen tertipdäki lukmançylyk halatlary we beýlekiler döwrebap hassahananyň bölümlerine paýlanyldy.

Ýurdumyzda öndürilen gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdelerini saglygy goraýyş işgärleri uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde bar bolan saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek babatynda döwletli tutumlar durmuşa geçirilýär. Welaýatyň köpugurly hassahanasyna «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň ilkinji önümleriniň gelip gowuşmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Bilşimiz ýaly, bu kärhana Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan Hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu bolsa döwrebap kärhananyň önümleriniň hil babatynda halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Magtymguly — ynsanyýet şahyry
16.12.2024   407
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   397
Jemgyýet Sagdynlygyň dabaralanmasy
10.10.2024   400
Jemgyýet Kanunlar kämilleşdirilýär
16.01.2026   151
Jemgyýet Jana şypaly melhemler mesgeni
22.07.2025   382
Jemgyýet Şadyýan tomus
23.06.2025   302
Jemgyýet Ýagşylyk ýörelgesi
04.06.2026   117
image