Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Bedew at — halkyň myrady» diýen at bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guraldy.
Bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar özleriniň ukyplaryny we döredijilik dünýäsini açyp görkezdiler. Gatnaşyjylar surat çekmekligiň dürli usullaryny peýdalanyp, bedewleriň syratyny, asyllylygyny we milli mirasymyz bilen baglanyşygyny ussatlyk bilen beýan etdiler. Bu döredijilik bäsleşigi talyp ýaşlaryň watansöýüjilik ruhuny kämilleşdirmekde, olaryň sungata bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary tarapyndan nepisligi, many-mazmuny boýunça tapawutlanan işler kesgitlenildi. Bäsleşikde 1-nji orna agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Leýla Saparowa, 2-nji orna weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kerim Asdangulyýew, agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Soltangül Babahanowa, agroekologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby Humaý Mekanowa, 3-nji orna agrohimiýa we agrotopragy öwreniş hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gülnur Pirekowa, agronomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby Selbi Kaharowa, agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Oguljeren Mätiýewa dagy mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.